JEMGYÝET

Zenanlar birleşiginiň Lebapdaky okuw maslahaty Kerkide dowam etdi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de şu guramanyň welaýat
bölüminiň bilelikde guramaklarynda düýn welaýatymyzda «Ösüşleriň belentliklerine beslenen täze döwrüň buýsançly zenanlary» atly okuw maslahaty başlandy. Okuw maslahaty Kerki etrabynyň merkezi şäherindäki medeniýet öýünde guraldy.
Maslahata Kerki, Hojambaz, Köýtendag etraplaryndaky ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary, kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini ýaş gelin-gyzlarymyza öwretmek, maşgala binýadynyň berkligi, çaga terbiýesi bilen baglanyşykly garaýyşlaryny beýan etdiler, özara pikir alyşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda etrabyň köp çagaly eneleriniň gatnaşmaklarynda «Maşgalam — baş
galam» atly söhbetdeşlik guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: