JEMGYÝET

Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi 2025-nji ýylda edilen işleriň jemini jemledi

Lebap welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň 2025-nji ýylyň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Ýygnakda guramanyň welaýat, etrap we şäher bölümleriniň wekilleri çykyş edip, zenanlaryň dürli ugurlarda önjeýli zähmet çekmek bilen, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandyklaryny bellediler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda 2026-njy ýylda zenanlar guramalarynyň öňünde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi.