JEMGYÝET

Zenanlar bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda welaýat maliýe we ykdysadyýet baş müdirliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
«Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» ady bilen geçirilen çärä welaýat kazyýetiniň wekilleri, kümüş saçly eneler, edara-kärhanalarda göreldeli zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda zenanlara aýratyn hormat-sarpa goýulýandygy, olaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda göreldeli zähmet çekýändikleri buýsanç bilen bellenildi.

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply