Halkara zenanlar güni mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Zenan — zeminiň zynaty» atly sergi geçirildi. Sergi welaýat muzeýi hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti tarapyndan bilelikde guraldy. Açylyş dabarasyna mährem eneler, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan zenanlar, «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýeleri hem-de bilim işgärleri gatnaşdylar.
Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar zenanlaryň gadymyýetden dowam edip gelýän milli däpleri, amaly-haşam we zergärçilik sungaty bilen baglanyşykly gymmatlyklar, şeýle hem zenan dünýäsi bilen baglanyşykly taryhy tapyndylar bilen tanyşdylar.
«Zenan — zeminiň zynaty» atly sergi geçirildi
09
Mar

