MEDENIÝET

«Zemin nagmalary» folklor topary täze çykyşynyň üstünde işleýär

Kerki etrabynyň medeniýet bölüminiň «Zemin nagmalary» folklor topary Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda başlanjak medeniýet hepdeligine «Sowma giýew» atly folklor çykyşyny taýýarlaýarlar.
Onda gadym döwürlerde etrapda toý tutulanda, ýerine ýetirilen däp-dessurlar janlandyrylýar.
«Zemin nagmalary» «Dünýä owazlary» diýen manyny berýär. Bu folklor topary 1995-nji ýylda döredildi we şondan bäri joşgunly, milli aýratynlyga ýugrulan çykyşlary bilen Türkmenistanda geçirilýän dürli çärelere gatnaşýar. Onuň düzümine dürli ýaşdaky adamlar girýärler. Akmyrat Berdiýew, Kümüş Penjiýewa, Aksoltan Rahmanowa, Nusga Soltanowa, Astan Jomartow dagylar folklor topary döredilenden bäri onuň düzüminde çykyş edip gelýärler. Topar 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň hem ýeňijisi hem boldy.
Folklor toparynyň «Döwletli maşgala», «Altyn toý», «Galpak toýy», «Depçi gyz», «Jan elek», «Lebap gatlama», «Suw damjam, altyn dänäm», «Dal bedewim, ak bedewim», «Ak pagtam, ak bagtym», «Miras sandygym», «Gelin aljak», «Myhman hormaty», «Çaý», «Pygamber toýy», «Adagly ýaglyk», «Ýüpek ýoly», »Çapak balyklar», «Guda çanak» ýaly çykyşlary bar.
Şonuň ýaly-da, toparyň agzalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralarda çykyş etmek üçin täze deprek kakuwlarynyň üstünde hem işleýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply