Awstraliýaly Jessika Leýn «Zemin gözeli» atly bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde saýlandy diýip, «Youtube» ýaýlymynda görkezilen baýrak gowşurylyş dabarasyna salgylanyp «Report» habarlary berdi.
Bu bäsleşige dünýäniň 76 ýurdundan gözellik bäsleşigine gatnaşan zenanlar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda dördüsi ýeňiji hökmünde saýlandy, we olar her biri tebigatyň elementlerine görä derejelendirildi, olaryň arasynda iň ýokary ady bolan «Zemin gözeli» Jessika Leýne degişli boldy.
Şeýlelikde, ABŞ-dan gelen zenan «Suw gözeli», Islandiýadan gatnaşan zenan «Howa gözeli», Peru döwletinden gatnaşan bolsa «Ot gözeli» diýlip atlandyryldy. Baş baýragy gazanan Jessika Leýn, Awstraliýanyň Sanşaýn-Koest uniwersitetinde žurnalistika we edebi döredijilik boýunça bilim alýar.
«Zemin gözeli» yglan edildi

11
Nov