Zehinliler gazandy
Ýurdymyzda ýaş nesilleriň, zehinli çagalaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmakda birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmek, täze zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýokary derejä eýe bolýar.
Ýurdumyzda hormatly Arkadagymyzyň yglan etmeginde geçirilýän “Türkmeniň
Altyn asyry” atly bäsleşigi, şeýle hem onuň çägindäki höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň
arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!”, aýdym-saz bilen meşgullanýan çagalaryň
arasyndaky “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” ýaly bäsleşikli çäreler döwlet
möçberinde geçirilip, zehinli nesilleriň öňe çykmagyna ýardam edýär. Şeýle
bäsleşikler ýurdymyzyň çagalar sungat mekdepleriniň ýaş zehinlileriniň arasynda
ýygy-ýygydan geçirilýär. Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň synplarynyň arasynda synpara bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň maksatnamasyna laýykda, her bir okuwçy türkmen we daşary ýurt
kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde bölümiň
mugallymlaryna ýeňijileri saýlamak aňsat bolmady. Bäşlesik adalatly bolar ýaly,
bäsleşigiň ýeňijileri her synpda aýratyn ýagny, esasy baýrak, I,II,III orunlar
bellenildi. Çagalar sungat mekdebiň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň 2-nji synp
boýunça Mamedow Hajymelik, 3-nji synplarda Nazarowa Laçyn, 4-nji synplarda
Glazowa Ýelizawette, 5-nji synp boýunça Bekmatowa Aýlar okuwçylar esasy baýraga, I orna Çaryýewa Jahan, Nurmyradowa Çynar, Arslanowa Mährima,
Furkatowa Aýlar, II orna Jumaýewa Leýli, Bazarow Erkin, Jumaýew Kenan,
Murzaýewa Jemal, III orna Baltaýewa Şirin, Akyýewa Aýgül, Serdarowa Selbi,
Seýitniýazowa Roza okuwçylar mynasyp boldylar. Bölümiň mugallymlary
tarapyndan ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşikde çykyş eden çagalaryň
ýürek owazlaryndan, joşgunlaryndan eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Serdarymyza bolan soňsuz söýgini, buýsanjy aýdyň duýmak bolýar.
Bagtyýar ýurdymyzda, aýdym-saz sungatymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda eziz çagalaryň owazlary, sazlary hemişe
belentden ýaňlansyn!
Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymlary