Ýurdymyzda ýaş nesilleriň, zehinli çagalaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmakda birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmek, täze zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýokary derejä eýe bolýar. Halkymyzyň aýdym-saza teşneligi, oňa sylag-hormatynyň belentligi bu sungatda at galdyran ussatlaryň kemala gelmegine sebäp bolan bolsa gerek. Bir gezek çalnyşyny synlap, yz ýany şol saz guralda saz çalmagy başaran Nobat bagşy, bir gije-gündizläp aýdym aýtsa-da, bir aýdymy ikinji gezek gaýtalamadyk Çuwal bagşy, agasyny sazy bilen halas eden Şükür bagşy – bular häzirlerem dünýä ýüzünde rowaýata, eserlere öwrülip ýaşap ýören ussatlar. Şeýle ussatlaryň hatarynda heniz üç ýaşyny hem doldurmanka köpçüligiň öňünde “Ýarap borka” aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetiren Gulbaba bagşy – Möwlamberdi Hanowyň adyny buýsanç bilen agzamak bolar. Ýürekleri buýsançdan doly, zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän aýdym-sazly, döredijilik bäsleşikleriniň biri “Gulbaba” atly bäsleşigidir. Kalby ylhamly, saýrak dilli çagalaryň sungat äleminde zehinlerini ýüze çykarmakda, kämilleşmeklerinde bäsleşigiň uly ähmiýeti bardyr. Bäsleşige ýurdymyzyň dürli künjeginden zehinli çagalar, mekdep okuwçylary, çeper höwesjeňler gatnaşýarlar. Şeýle höwesjeňler Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” we “Iň eýjejik gyzjagaz” atly bäsleşikleriň ýeňijileri Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Merjen Abaýewa we Aýna Döwletýarowadyr. Zehinleriň ýaş kompozitor Wepa Aşyrowyň sazyna, Mähribän Ergeşowanyň sözlerine ýerine ýetiren aýdymlary Gahryman Arkadagymyza, Gahryman Arkadagly Serdarymyza özleriniň çaga kalplaryndaky minnetdarlygy bolup ýaňlandy. Ýaş zehinlilere halypaçylyk edýän Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň uly derejeli mugallym Mähriban Ergeşowadyr. Öz käriniň ussady, tejribeli mugallym Mähriban Ergeşowa özüniň ýürek buýsanyny şeýle beýan edýär. “Ýurdumyzda hormatly Arkadagymyzyň yglan etmeginde geçirilýän “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigi, şeýle hem onuň çägindäki höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!”, aýdym-saz bilen meşgullanýan çagalaryň arasyndaky “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Gulbaba” ýaly bäsleşikli çäreler döwlet möçberinde geçirilip, zehinli nesilleriň öňe çykmagyna ýardam edýär. Meniň okuwçylarymyň şeýle bäsleşiklere gatnaşyp döwlet derejesinde ýeňiji bolmaklary meni diýseň buýsandyrýar. Bäsleşiklerde ýerine ýetirilýän çagalaryň ýürek owazlaryndan, joşgunlaryndan eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza,
Gahryman Arkadagly Serdarymyza bolan soňsuz söýgini, buýsanjy aýdyň duýmak
bolýar. Bagtyýar ýurdymyzda, aýdym-saz sungatymyzda, Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda eziz çagalaryň owazlary
hemişe belentden ýaňlansyn”!
Mähriban ERGEŞOWA,
Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy