Zehinli ýaşlaryň joşguny
Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňden görüjilikli syýasaty bilen Halkara derejesinde ylymda, bilimde, medeniýetde we sungatda uly ösüşler gazanyldy. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen ýylyň – ýylyňa “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Merdana nesil”, “Eýjejik gyzjagaz” ýaly bäsleşikler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz ähli ýaşlar bilen bir hatarda milli medeniýetimizi sungatymyzy halypalaryň ýerine ýetirijilik mekdebini öwrenip, hünär edinjek zehinli ýaşlara hem sungat mekdeplerini, teatrlary, Ruhyýet köşklerini, milli muzeýlerdir – kitaphanalaryň täze döwrebap binalaryny peşgeş berdi. Şeýle binalaryň biri bolan Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde hem dabaraly konsert geçirildi. Konsertde “Kirişli saz gurallar” bölüminiň ezber we öz kärine wepaly mugallymlar S.Sardarýanyň we J.Rajapowanyň zehinli şägirtleri çykyş etdiler. Ýaş zehinlere mekdebiň mugallymlary M. Gorbunowa we L.Toýliýewa sazandarlyk etdiler. Ilkinji bolup skripka hünäriniň 3-nji synp okuwçysy Aýlar Jumanýazowa A.Komarowskiniň Wariasiýalaryny we Ö.Gandymowyň “Nurana Diýar” üstünlikli ýerine ýetirdi. Ýangibaýewa Nurananyň ýerine ýetirmeginde D.Nuryýewiň “Şadyýan skripkaçy” eseri ýaňlandy. N.Muhadowyň “Çal dutar” , Ý.Gaýdnyň Andante we Ç.Babaýewiň “Şadyýan gyjakçy” eserlerini Nurana Tagirowa ýerine ýetiridi. Daýanç Merdanowyň ýerine ýetirmeginde ukrain halk sazy “Durna”, Gülnaz Tursunowanyň ýerine ýetirmeginde F.Kreýsleriň “Wena marşy” eserleri ýaňlandy. Ç.Babaýewiň “Dutar heňi” eserini Näzli Joraýewa we “Nowaýy” atly türkmen halk sazyny Aýjahan Durdyýewa ýerine ýetirdiler. Bu konsertiň aýratyn tarapy wiolonçel saz guralynda ýekelikde ýerine ýetirilen eserlerdir. Bu ýerine ýetirijileriň üstünligi halypasy J.Rajapowanyň ençeme ýyllardan bäri çeken öndürijilikli zähmetiniň netijesidir. Olardan Maýsa Narbaýewanyň ýerine ýetirmeginde A.Dworžagyň “Heň” we L.wan Bethoweniň Menuet , şeýle – de Selena Kurbanowanyň çalmagynda Rimskiý – Korsakowyň Mazurka we M.Musorgskiniň “Aýdym” atly eserleri ýaňlandy.
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň müdiri,
mugallymy Tamara Kaşaýewa