BIZE YAZYARLAR

Zehinli ýaşlar ― bagtyýar geljegiň ylham ganaty

Bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmazderejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän  jennet mekanyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary raýatlarymyzy dörejilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, tutuş adamzadyň nurana geljegi üçin döredijiligiň bähbidine parahatçylyk we
hyzmatdaşlyk hakyndaky düşünjeleri hem-de garaýyşlary has giň gerimeýetirýär. Sanly ýyllaryň içinde durmuşa geçirilen bimöçber işler, beýik maksatnamalar bilen halkyň ýüreginde ýer alan döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň her bir döwürde gazanan sepgitlerini döredijilikli ösdürýär. Ylaýta-da, ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy orunda durýar. Bu bolsa ýaş nesli has-da döredijilikli, yhlasly okamaga, döretmäge ruhlandyrýar.
Ýokarda belleýşimiz ýaly, giň mümkinçiuliklerden, oňyn özgertmelerden ruhlanýan ýaşlar zehin eleginden elenýärler. Has dogrusy, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talaplar bildirilýär, zerur şertler döredilýär we ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulyşmaklary üçin ähli mümkinçilikler
döredilen. Ynha şeýle zehinli ýaşlaryň welaýatymyzda hem kändigi diýseň guwandyryjy ýagdaý. Dänew etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň 12-nji okuwçysy Jumanyýaz Orazberdiýew hem şeýle zehinli ýçaşlaryň biri. Onuň halypasy mekdebiň fizika mugallymy Sähetmyrat Nurberdiýew uly hormatdan peýdalanýan hünärmen. Mugallym 1981-nji ýyldan bäri şu mekdepde zähmet çekýär. Ýyllar bilen taplanan mugallymyň häzirki döwürde zehinli okuwçylary hem mekdepde uly abraýdan peýdalanýarlar. Has dogrusy, mugallymyň şägirdi Jumanyýaz Orazdurdyýew fizika dersinden birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi başardy. Mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Jumanyýaz geçen okuw ýyklynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly dersbäsleşiginiň etrap tapgyrynda ikinji orna mynasyp bolup, onuň welaýat
tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Üstümizdäki okuw ýylynda bolsa, ýene bäsleşigiň etrap tapgyrynda öňdäki orna mynasyp bolup, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Irginsiz zähmet çekmegi halaýan zehinli okuwçy esasan hem kompýuter bilen işleşmegi diýseň halaýar. Ol hormatly
Prezidentimiziň ýola goýan sanly ulgam mükinçililerinden ugur alyp, geljekde-de bu ugurda ýoklary bilim alyp, zähmet çekip, ýurdumyza, il-günümize gerekli hünärmen bolmagy maksat edinýär. Mekdepden daşary sport bilen yzygiderli meşgullanýan Jumanyýaz, köpçülikleýin çärelere hem işjeň gatnaşýar. Sanlyja
günlerden uçurym bolmaly zehinli ýigide mekdebiň «Uçurym» dabarasynda hem ýaşyl baýdagymyzy götermek ynanyldy.
Hawa, belent ruhly, ajaýyp terbiýeliwe bilimli ýaş nesli kemala getirmek ýurdumyzy ösdürmegiň baş wezipeleriniň biridir. Ýaşlaryň ösüşiniň geljegi döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň derejesine bagly bolup, ýurduň geljekki ösüş ugry, tizligi we depginleri şol syýasatyň many-mazmuny
bilen baglanyşyklydyr. Goý, şeýle zehinli ýaşlaryň sany mundan beýläkde artyp, bagtyýar geljegimiziň ylham ganaty bolsun. Biz hem Jumanyýaza bilm dünýäsinde geljekde-de ylhamynyň, döredijiliginiň has-da artmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Maral AKMYRADOWA,
žurnalist.