BIZE YAZYARLAR

Zehinli ýaş nesiller-şanly geljegimiz.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly üstinliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde watanymyzyň medeniýetini, sungatyny ösdürmekde, dünýä ýüzüne ýaýmakda, milli mirasymyzy çuňňur öwrenmekde saldamly işler alnyp barylýar. Ýaş zehinlileri ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny goldamak üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilendir. Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň yglan etmeginde geçirilýän “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigi, şeýle hem onuň çägindäki höwesjeň aýdym-saz bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan Diýarym!” ýaly bäsleşikli çäreler döwlet möçberinde geçirilip, zehinli ýaş nesilleriň öňe çykmagyna ýardam edýär.

Ýakynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite sazçylyk we orta hünär sungat mekdeplerinde bilim alýan zehinli ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşik “Türkmen milli saz gurallary (dutar,gyjak)”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (fleýta, goboý, klarnet, truba)”, “Kirişli saz gurallary (skripka, alt, wiolonçel)”, “Ýekelikde aýdym aýtmak”, “Fortepiano”, “Bagşy” ugurlary boýunça geçirildi. Bu döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ugurlary boýunça ökde hünärmenleri ýüze çykarmak, saz bilimi bolan sazandalaryň ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, kämilleşdirmek şeýle-de höweslendirmek bilen baglydyr. Bäsleşigiň I tapgyry  ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýerleşýän ýörite sazçylyk we orta hünär okuw mekdeplerinde geçirildi. I tapgyrda geçirilen bäsleşigiň her ugry boýunça 1-2-nji orna mynasyp bolan zehinli ýaşlar jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň II tapgyry:

-Türkmen milli saz gurallary we bagşy hünärleri boýunça – Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde;

-Fortepiano we kirişli saz gurallary boýunça  M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda;

-Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary hem-de ýekelikde aýdym aýtmak sungaty boýunça D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde geçirildi.

Bu ugurlar boýunça Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagtyýar zehinli ýaşlary hem bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda gowy netijeleri görkezdiler. Bäsleşigiň tapawutlanan ýeňijileri Diplomlar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar. “Bagşyçylyk sungaty” hünäriniň I-ýyl talyby  Atamuradow Esen II orna, “Kirişli saz gurallary” hünäriniň II-ýyl talyby Karimowa Nargis we “Aýdym aýtmak sungaty” hünäriniň II-ýyl talyby Gaýypow Ata III-orna , “Fortepiano” bölüminiň  III-ýyl talyplary Joraýew Batyr hem-de Azadow Baýram Hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýäde wagyz etmäge we rowaçlandyrmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdýarys.

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň  “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň

 mugallymy  Jumageldiýewa Oguljahan Serdarowna

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: