BILIM

Zehinli uçurymlaryň birnäçesine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Lebap welaýatynda 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň jemlenmegi mynasybetli okuwda, döwlet we halkara derejesindäki ders hem-de ylmy-taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş eden uçurymlaryň birnäçeсine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasy welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada geçirildi.
Çäräniň dowamynda okuw ýylynyň dowamynda aýratyn tapawutlanan uçurymlaryň gazanan üstünlikleri bellenildi. Olara gowşurylan sowgatlar ýaşlaryň bilim almaga, ylma, döredijilige bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen nobatdaky goldaw hökmünde kabul edildi.
Şeýle hem 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli Türkmenabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda orta mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Şol gün şäheriň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary guralyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň orta mekdepleriň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy.