BIZE YAZYARLAR

Zehinli şaşkaçy türgenleşige başlanyna iki ýyl bolmanka, sekiz ýaryşda medal gazandy

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde zehinli ýaş şaşkaçylaryň birnäçesi bar. Şolaryň içinde geljegine uly umyt bildirilýän şaşkaçylaryň hatarynda Rahman Karýagdyýewi görkezip bileris.

Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginde 2016-njy ýylda doglan Rahman häzirki wagtda Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň ikinji synpynda okaýar. Synp ýolbaşçysy Maýsa Muradowanyň ýolbaşçylygynda okuw derslerine hem göreldeli ýetişýän Rahman okuwdan boş wagty şaşka sporty bilen hem meşgullanýar.

Rahmanyň sport dünýäsine gadam goýanyna köp wagt geçenok. Ol sport mekdebinde 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri tälim alyp gelýär. Muňa garamazdan, Rahman sport bilen meşgullanyp başlamagynyň eýýäm bäşinji aýynda, has takygy, 2023-nji ýylyň fewral aýynda 64 öýjükli şaşka boýunça 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen welaýat birinjiliginde üçünji orny eýelemegi başardy. Şondan bir aý soňra bolsa ol şaşkanyň ýene şol görnüşi boýunça 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen welaýat birinjiliginde ikinji ornuň eýesi boldy. Rahman edil şu üstünligini geçen ýylyň oktýabr aýynda hem gaýtalady.

Şu ýylyň hasabyna abraýly ýaryşlaryň bäşisine gatnaşan ýaş türgen şolaryň ählisinde hem öňdäki orunlary eýeledi. Ýanwar aýynda 9 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň birinjiliginde, ýene şol aýda 11 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda bu sport mekdebiniň birinjiliginde, fewralda 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen welaýat birinjiliginde, martda 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasyndaky welaýat birinjiliginde ikinji orunlary eýelän Rahman ýakynda ilkinji gezek hormat münberiniň birinji basgançagyna hem çykdy. Has takygy, 15 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň birinjiliginde Rahmana taý tapylmady, ol birinji ornuň eýesi boldy.

Şu günler Rahman tälimçileri Mahym Metdiýewanyň we Kurban Jumaýewiň ýolbaşçylygynda döwlet derejeli ýaryşlara taýýarlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: