«Zehin açary» daýhan hojalygynda ýeralmanyň bol hasyly ýetişdi

Daşoguzyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda 2995 gektara ekilen ýeralmanyň 512 gektary şu daýhan hojalyga degişlidir.

Şu günler her gektardan alynýan hasyl hojalygyň işgärlerini aýratyn begendirýär. Şeýle hem bu daýhan hojalygyň zähmetkeşleri tarapyndan 41 gektarda sogan, 29 gektarda pomidor, 11 gektarda dürli bakja ekinleri we 1 gektarda kelem ekilip, olardan bol hasyl alynýar. Olar terligine söwda nokatlaryna ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector