YLYM WE TEHNIKA

Zberiň akylly telewizorlary Belorussiýada öndürilýär

Zber öz brendi bilen ilkinji akylly telewizorlary goýberip başlady. Ony «М.Видео-Эльдорадо» bilen bilelikde çykarýar, diýip, «vesti.ru» habar berýär.

Munuň rus bazarynda şuňa meňzeş ilkinji hyzmatdaşlyk bolmagy mümkin. Görnüşine görä, «М.Видео-Эльдорадо» riteýler hökmünde enjamlaryň öndürilişine we satylyşyna jogap berýär, Zber bolsa — programma üpjünçiligine.

Habar berlişine görä, telewizorlar Belorussiýanyň «Витязь» zawodynda (ol beýleki önümler bilen hatarda adybir telewizorlary hem öndürýär) çykarylýar. «Салют ТВ» platformasy telewizoryň «akylly» bölegidir. Zber ony geçen ýylyň maýynda görkezipdi. Mysal üçin, şondan bäri «Hyundai» öz enjamlaryny «Салют ТВ»-niň bazasynda çykarypdy.

«Салют ТВ»-niň kömegi bilen «СберМегаМаркете»-de («Самокат», «СберМаркет» we «Delivery Club» goşundylarynyň üsti bilen) azyk ýa-da nahar we beýleki harytlaryň islendigini buýrup bolýar. Elbetde, Zberiň serwislerinde saz diňläp, wideo ýa-da film hem görüp bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: