BIZE YAZYARLAR

Zähmetim – milli mirasym

Öz kökleri bilen gadymýete aralaşýan türkmen halkynyň milli mirasy dürli-dürliligi bilen häzirki günlerde hem ýaşamagyny dowam edip gelýär. Ol halk döredijiligini hem-de dilden-dile geçip gelýän professional däpleri özünde birleşdirýär. Milli folkýor däpleriniň esasynda täze dessurlary döretmek, olary halkyň ruhuna ornaşdyrmak, gymmatly miras hökmünde nesilden-nesle geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Mazmuna baý türkmen däp-dessur sazlary özüniň gurluşy, žanrlarynyň baýlygy boýunça biri-birine meňzemeýarler.
Däp-dessur sazyny öwrenijiler tarapyndan däp-dessur folkýorynyň žanr düzümi
has-da giňeldildi. Olaryň toparlara bölünşi ýerine ýetirýän wezipelerine esaslanýar.
Olardan: Toý aýdymlary “Bäbek toýy” we “Nika toýy” bilen baglanyşdyrylyp,
onuň şahyrana mazmuny beýan edilýär. Tomus däp-dessurlary, zähmet pursatlary,
senenama bilen baglanşykly aýdymlary we başgada birnäçe däp-dessur sazlarynyň
žanrlaryny sanamak bolar. Bularyň arasynda zähmet pursatlary bilen baglanşykly
bolan däp-dessur sazyny ýatlamak has-da zerurdyr. Türkmen milletiniň ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik, küýzegärçilik bilen meşgullanan zähmetsöýer halkdygyny öz taryhymyzda hem görýäris. Zähmet aýdymlary hem her bir zähmet işiniň başynda döräpdir. Zähmet bilen bagly däp-dessur aýdymlarynyň aglaba bölegi gelin-gyzlaryň durmuşy bilen baglanyşdyrylýar. El degirmeni işledilýän wagty ýerine ýetirilýän “Degirmençi” ýa-da “Höküdik”.
Adaty däpler bilen baglanşykly ýagny, sygyr saglanda “Höwlüm”, düýe saglanda
“Hörele düýäm, hörele” atly haýwanlara ýüzlenilýän aýdymlar. Çopanlar
tarapyndan goýunlary ýygnamak üçin ulanylýan “Gurroý”, sürüden daşlaşýan
geçini yzyna aýlamak üçin “Geç aýlan”, düýäni suwa ýakmak üçin “Horop”, sygry
suwa ýakmak üçin “Çom-çom” ýaly gysgajyk heňli seslenmeler bar. Sazşynas W.
A. Uspenskiý “Türkmen sazy” kitabynda dokma dokalanda ýagny dokmaçylaryň
birsydyrgyn işini taryp edip aýtýan “Tara goşgusy” aýdymlary hakynda hem
belleýär. Agzalan zähmet aýdymlarynyň käbirleri barada aýratyn durup geçeliň. Gelin-gyzlarymyz näzik, owadan, mylaýym sesleri bilen sygyr, düýe saganda
ýerine ýetirýän aýdymlary haýwanlary söýmekde, köşeşdirmekde, köp süýt
almakda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Düýe saglanda şeýle äheňdäki sözler ýerine
ýetirilipdir.

Hörele, düýäm, hörele
Hörelemeseň bozla!
Süýdüňden agaran bolar,
Ýüňüňden ýorgan bolar,
Hörele, düýäm, hörele
Hörelemeseň köşekle.

Şu aýdymy aýtmak bilen düýäniň tarypyny hem ýetirýärler. Düýe süýdünden
taýýarlanylýän agaranyň müň derde dermandygyny, ýüňüniň gözden-dilden
goraýandygyny hem şu aýdymlarda aýdypdyrlar.
Bu aýdymy diňe gelin-gyzlarymyz aýtmak bilen çäklenmän, sazandalar öz
repertuarlarynda hem ýerine ýetiripdirler. Sazşynas W. M. Belýaýew tüýdükçi
Ýazmuhammet Köseden “Hörele, gubam” atly köne heňi ýazyp alandygyny, bu
heň düýe sagylan wagty ýa-da köşek enesini emen pursady döreýän seslere
meňzeýändigini özüniň “Türkmen sazy” kitabynda belleýär.
Düýe sagylanda ýerine ýetirilýän äheňe diňe gelin-gyzlarymyzyň durmuşynda,
sazandalaryň saz repertuarlarynda gabat gelmän, türkmen ertekilerinde, türkmen
kinofilmlarynda hem duş gelmek bolýar. Türkmen ertekisi esasynda döredilen
“Akpamyk” türkmen kinofilmda, Akpamyk doganlaryny halas etmek üçin
akmaýanyň süýdüniň melhemdigini eşdip, akmaýadan süýt dileýar. Onuň tarypyny
edip, doganlary üçin ak süýdüniň gerekdigini aýdýar. Akmaýany sagandan soňra
oňa minnetdarlyk hökmünde şeýle setirleri diýýär:

Maýam, maýam, ak maýam
Ak süýdüňden ýak maýam,
Gezip, gezip ýadasaň,
Maýsalykda çök maýam.

Halk arasynda düýäni suwa ýakmak üçin “Horop”, goýuny suwa ýakmak üçin
“Çom-çom”sözleriniň yzly-yzyna bogunma-bogun ýerine ýetirilýän seslenmäni
hem ýatlamaklyk zerurdyr. Bu äheň suwdan doly ganmaklyk, ünsüni bir ýere
jemlemeklik esasynda aýdylýar.
“Garaňky jaýda, gaplaň gürlär” nakyly ýöne ýerden aýdylan däl bolsa gerek.
Gaplaň kimin gopgunly sesi bilen çäksiz güýji talap etýän degirmen daşyny
işledilýän pursatynda hem degirmençiniň heňi ýerine ýetirilipdir.

Degirmene däne atdym,
Ýadadym ýoluňda ýatdym.

Däne atylan degirmeniň köp zähmeti talap etýändigini, atylan dänäniň un
bolmagy üçin köp wagtyň gerekdigini öz heňlerinde aýtýarlar. Degirmen daşynyň
çykarýan sesi, aýlanýan ses ugry boýunça degirmençiler öz heňlerini aýdypdyrlar.
Zähmet aýdymlary şu wagta çenli hem öz gadymylyk görnüşini saklap gelýärler.
Olar şahyrana mazmuny, keşbi, ýerine ýetiriliş düzgüni, heňleri boýunça dürli-
dürlidir.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen medenýeti, sungaty
halkymyzyň taryhy bu gün dünýäde tanalýar. Türkmen halk döredijiligimiziň dürli
ugurlary bilen bir hatarda milli folklorymyzy, däp-dessurymyzy öwrenmeklik hem
döwrebap meseleleriň birine öwrüldi. Halk döredijiligine gymmatly çeper miras
hökmünde berilýän üns has-da ýokarlandy. Bu gazanylýan uly üstünlilkleriň
netijesi bolsa, Hormatly Prezidentimiziň halk baradaky alyp barýan ägirt işleriniň
durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Munira Dilakowa                                                                                                                     Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat
mekdebiniň mugallymy 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: