JEMGYÝET

Zähmeti goramak ― wajyp mesele

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde «Zähmeti goramak howpsuz işiň kepilidir» atly okuw maslahaty geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň wekilleri bilen birleşmäniň tehniki gözegçisi gatnaşdy.

Olar öz çykyşlarynda önümçilikde zähmet howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň möhümligi, iş döwründe betbagtçylykly hadysalarynyň we şikeslenmeleriň öňüni almagyň usullary barada giňden durup geçdiler.

Ýaşaýşyň gymmaty bolan adam saglygyny gorap saklamak, howpsuz iş şertlerini döretmek barada «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň ýolbaşçylygy we kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan yzygiderli aladalaryň edilýändigi barada önümçilik birleşiginiň tehniki howpsuzlyk boýunça inženeri giňden durup geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: