Zähmet terbiýesi ýaş nesli edep-ekramly edip ýetişdirmegiň esasy ugurlarynyň biri. Ol agzybir, asuda hem jebis türkmen halkynyň röwşen geljegi üçin zähmet çekmäge ukyply, ruhubelent, sagdyn, gaýratly, başarjaň şahslary kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Ata Watanyň, il-günüň bähbidi, ýaşaýyş-durmuşyň eşreti, her bir ynsanyň bol-telki ýaşamagy üçin işe ukyply bolmagyň zerurdygy baradaky düşünjeleri ýaşlaryň aňyna guýmagy, olaryň islegine hem endigine öwürmegi maksat edinýär. Terbiýeçilik işiniň bu ugry öz gözbaşyny maşgala ojagyndan alyp gaýdýar.
Ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde esasy orun maşgala degişlidir. Çaganyň ilkinji mekdebi maşgala, ilkinji terbiýeçisi hem ata-enelerdir. Çaganyň akylly-başly, ýokary ahlakly, sagdyn, gözellik dünýäsine düşünýän, zähmete ukyply adamlar bolup ýetişmeginde maşgalanyň orny biçak uludyr. Şonuň üçin hem perzendi akylly-başly terbiýelemek ata-enäniň baş maksady bolup durýar. Bu bolsa ata-eneleriň üstüne uly borçlary, şol sanda çagalarda zähmete söýgini terbiýelemek wezipesini hem ýükleýär.
Çagada zähmete söýgi döretmek, zähmet adamsyna hormat goýmagy, öndürilen önüme aýawly garamagy öwretmek, güýjüniň ýetdiginden zähmetiň dürli görnüşlerine gatnaşdyrmak, ynanylan ýumşa jogapkärçilik bilen ýapyşmak, iňňän ownujak bolsa-da, öz bitiren işine guwanmak hem buýsanmak duýgusyny döretmek möhümdir. Munuň özi maşgala terbiýesiniň möhüm wezipeleriniň biridir.
Maşgalada berilýän zähmet terbiýesiniň görnüşleri dürli-dürlüdir. Okuw zähmeti, öz-özüňe hyzmat ediş, öý-hojalyk işleri, öndürijilikli zähmet — bularyň hemmesi maşgalada amala aşyrylýan zähmet terbiýesiniň esasy görnüşleridir. Olarda arassaçylyk bilen meşgullanmak, el hünärini öwretmek ýaly, ýaş aýratynlygyna görä çemeleşmeler bar. Mahlasy, çagalarynda iň irki ýaşdan başlap zähmet endiklerini terbiýeleýän ata-eneler geljekki bagtynyň aladasy bilen bolýarlar diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Şol sebäpli, durmuş baradaky emosional duýgy we düşünjeler çagada, ozaly bilen, zähmetsöýerligi ösdürmekde, ýaşlykdan zähmete uly höwes, hormat bilen garaýşy terbiýelemekde aýan bolýar. Bu zerur häsiýet we endikler işjeň, agzybir we dostlukly ýaşaşýan ata-enäniň hut özüniň zähmet hem-de durmuş göreldesi bilen kemala gelýär.
Maral BEKIÝEWA,
Türkmenabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy.

