Berkarar döwletimiziň häzirki ösüş ýolunda zähmet adamsyna goýulýan sarpa barha belende göterilýär. Ýurdumyzda daýhanlaryň, maldarlaryň, kärhanalarda halal zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň, ylym-bilim ulgamynda yhlasly zähmet çekýän adamlaryň mertebesi döwlet derejesinde ýokary tutulýar. Munuň özi jemgyýetimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde oba hojalygy pudagy döwrebap ösüşlere beslenýär, ýerden alynýan hasyl möçberi yzygiderli artýar, öndürijileri höweslendirmek boýunça täze mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy hem zähmetkeş halkymyzyň bähbidine gönükdirilen bu beýik işlere işjeň gatnaşýar. Partiýamyzyň Türkmenabat şäher komiteti tarapyndan il arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilip, ýer eýelerine, kärendeçilere we ýaş nesle döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler düşündirilýär. Şäherimizde bag ekmek, daşky gurşawy goramak, arassaçylyk medeniýetini berkitmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ýaly ugurlar boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu işleriň ählisi halkymyzyň agzybirliginiň, döwletimize bolan ynamynyň we ösüşlere goşant goşmaga taýýardygynyň aýdyň beýanydyr.
Häzirki döwrüň talaby — halal zähmet çekmek, Watanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmakdyr. Her bir raýatyň yhlasly zähmeti ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanmagyna hyzmat edýär. Şonuň üçin hem biz zähmet adamsyna goýulýan hormaty beýik gymmatlyk hasaplaýarys. Geljekde-de agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti bilen eziz Watanymyzyň ösüşleriniň täze belentliklere ýetjekdigine berk ynanýarys.
Nowça MURADOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň buhgalteri.

