Bu içgini yzygiderli içmek gandaky şekeriň düzümini azaldýar, şonuň ýaly-da içegeleriň ýagdaýyny oňatlaşdyrýar. Bu barada dietolog Irina Ryl Russiýanyň «Новости» habarlar gullugynda bolan söhbetdeşlikde gürrüň berdi, diýip «rambler.ru» ýazýar.
«Sikoriý gürrüňsiz peýdaly. Onuň düzüminde ýeterlik mukdarda А, Е, В1, В2, В3, С, РР, witaminleri, şonuň ýaly-da kaliý we magniý bar. Onuň düzüminde içegäniň mikroflorasy üçin örän peýdaly köp mukdarda inulin hem bar. Bu içgini yzygider içmek ganyň düzümindäki şekeri azaltmaga we madda çalşygyny gowulandyrmaga kömek edip biler» diýip, Irina Ryl gürrüň berdi.
Ol nähili peýdaly bolsa-da, içmäge garşy görkezmeleri hem bar. Öt haltasynda daşy bolan, damar keselli, şonuň ýaly-da sikoriý içgisine allergiýasay bolan adamlara ony ägä bolup içmek maslahat berilýär. Dietologyň gürrüň bermegine görä, sikorini antibiotikler bilen içmeli däl. Sebäbi içginiň dermanyň täsirini gowşatmagy mümkin.