BIZE YAZYARLAR

“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň Lebap welaýaty tapgyry geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda asyllylygyň nusgasy bolan türkmen zenanlary halk hojalygynyň dürli ugurlary ýagny, ylym-bilim ulgamynda, türkmen halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, medeniýetinde şeýle hem jemgyýetçilik
işlerinde yhlasly zähmet çekmek bilen birlikde ahlakly, ylymly-bilimli ýaş nesilleri kemala getirmekde, terbiýelemekde olary özbaşdak durmuşa taýýarlamakda ähmiýetli orun eýeleýärler.
Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň welaýat tapgyry örän guramaçylykly geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen dürli kärlerde zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşik 8 sany ugurdan ybarat bolup, bäsleşigiň esasy maksady degişli ugurlar boýunça zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdyr. Bu bäsleşige gatnaşýan zenanlar jemgyýetçilik durmuşynyň birnäçe ugurlarynda alyp barýan işlerini özleriniň ajaýyp çykyşlarynyň üsti bilen beýan
etdiler. Bäsleşigiň “Halypa şägirtlik ýol-ýörelgelerini dabaralandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin ” diýen ugur boýunça Dänew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mähriban Ergeşowa ussatlarça çykyş edip 1-nji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan zenanlara Hormat
hatlary we gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylyp, bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
“Halypa -şägirtlik ” ýoly ata-babalarymyzyň bize peşgeş eden gadymdan gelýän milli ýol ýörelge bolup, şöhratly taryhymyzy giňişleýin öwrenip, ýaş nesillerimize ýetirmäge birnäçe saldamly işler alnyp barylýar. Halypa-şägirtlik ýol ýörelgesini dowam etdirmekde we ýaýbaňlandyrmakda birnäçe mümkinçilikleri
döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy aýdýarys.

Müňýyllykdan gözbaş alan,
Gadymdan gelýän ýörelge.
Halypa-şägirtlik ýoly,
Ýaş-nesle beýik görelde.

Halypa tejribeli ussat,
Şägirtdir onuň miwesi.
Şägirtleriň kämilligi,
Halypanyň mertebesi.

Halypalyk mekdebine,
Pederleriň ruhy siňen.
Yhlas we ynam bilen
Dowam edýär şägirtlerimiz,
Gahryman Arkadag bilen!
Arkadagly Serdar bilen !

Mähriban ERGEŞOWA,
Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: