BIZE YAZYARLAR

“Ýylyň zenany ” bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Zenan-ýüreginiň mähremligi, asyllylygy, wepadarlygy, çäksiz söýgüsi bilen bu dünýäniň gözelligine gözellik goşýar. Zenanlar ýurdumyzyň güllemegine, ösmegine işjeň gatnaşýarlar. Zenanlar jemgyýetiň ahlak gymmatlyklaryny, milli medeniýetiň taryhylygynyň saklanylmagynda, şeýle-de beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde uly orun eýeleýärler.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. 8-nji mart Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda zenanlaryň ukyp başarjaňlyklaryny, ussatlyklaryny görkezmek maksady bilen geçirilýän bu bäsleşige Aşgabat, Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlarynyň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolup döwlet derejesine
saýlanan zenanlar gatnaşdylar.


Bäsleşige gatnaşyjylar jemgyýetçilik durmuşynda alnyp barylýan işlerine degişlilikde 8 ugur boýunça ýeňijiler yglan edildi: “Halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini dabaralandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin” diýen ugur boýunça Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy
Mähriban Ergeşowa “Ýylyň halypa zenany”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin” diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň müdiri Ogulşat Durdyýewa, “Ýylyň işewür zenany”, “Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin” diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy Meňli Dolyýewa “Ýylyň çeper elli zenany”, “Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin” diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň medeniýet bölüminiň “Gurjak” halk teatrynyň suratkeşi Merjen Seýidowa “Ýylyň sungatda işjeň zenany”, “Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin” diýen ugur boýunça Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Mähri Şyhyýewa “Ýylyň mährem zenany”, “Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin” diýen ugur boýunça Aşgabat şäherindäki 20020 harby bölümiň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň psihology Aýgözel Annamyradowa “Ýylyň Watançy zenany”, “Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň
“Daýhan zenanyň yhlasy” daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Hurmagözel Mälikowa “Ýylyň öňdebaryjy oba zenany”, “Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin” diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Bagtygül Meretgylyjowa “Ýylyň telekeçi zenany” diýen atlara mynasyp boldular.
“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan zenanlara Hormat hatlary we Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda halal zähmet çekip, türkmen halkymyzyň gülläp ösmegine goşant goşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, zenanlaryň mertebisini, sarpasyny belentden belent tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Mähriban ERGEŞOWA,
Dänew etrabynyň çagalar sungat
mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: