«Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň Türkmenabat şäher tapgyry geçirildi
Türkmenabat şäherindäki 42-nji çagalar bakja-bagynyň binýadynda her ýyl däbe öwrülip geçirilýän «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň jemleýji şäher tapgyry geçirildi.
Welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan guralýan bäsleşige deslapky tapgyrda öňe saýlanan öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Olar ýaş nesle döwrebap bilim terbiýe bermekde öz işlerini guraýyşlary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyşlary dogrusynda çykyş etdiler. Şonuň ýaly-da olar ýaşlara gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan mirasymyz, däp-dessurlarymyz esasynda terbiýe bermek boýunça iş tejribelerini paýlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyndan parçalary labyzly okamak, bu ilhalar eseriň many-mazmuny dogrusynda söhbet etmek hem bäsleşigiň esasy şertleriniň biri boldy. Bäsleşikde öňe saýlananlar onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.