BIZE YAZYARLAR

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE

2024-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ýylyň şygary mynasybetli  ýaşlarda watançylyk ruhuny galkyndyrmak, olarda taryhymyza, edebi mirasymyza bolan söýgüni kemala getirmek maksady bilen, Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýi hem-de  Türkmenabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Dabaraly nyzam bilen başlanan çärede, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny giňişleýin  ýaýbaňlandyrmaga ýardam berýän çykyşlaryň  ählisi özboluşly guramaçylyk eýe boldy. Nyzamda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän kitaplarynyň,  Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan  edebi eserler toplumynyň  ýerleşdirilmegi mekdep okuwçylaryň bilim derejesini has-da  ýokarlandyrmaga itergi berdi. Dabaraly nyzamyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli watançylyk, edermenlik, özbaşdaklyk temasyndaky daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirilen goşgulary çäräniň terbiýeçilik ähmiýetini artdyrmakda aýratyn mana eýe boldy.

Şeeýle hem, mekdep okuwçylarynyň  muzeýe  ata-babalarymyzyň taryhy geçmişimizdäki gahrymançylykly ýollary barada gelip öwrenmekleri, olaryň durmuş menzillerinde mertligiň, gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebi hökmünde kalbynda ruhy şamçyrag bolup hyzmat etdi. Muzeýe gurnalan  gezelenç bilen birlikde, Lebap welaýat Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde,  Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli gurnalan sergä mekdep okuwçylaryň gelip görmekleri,  ýaşlaryň  beýik akyldaryň döredijiligi barada düşünjelerini has-da giňeltmäge ýardam berdi.

 Gözel EMINOWA, Türkmenabat şäheriniň Beýik               

 Watançylyk urşy muzeýiniň  ylmy işgäri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: