TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Ýaş estrada aýdymçylarynyň «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar: 

Bu döredijilik çäresiniň jemleýji tapgyryna ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy, olara deslapky tapgyryň dowamynda teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler has köp ses berdiler. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşýanlaryň arasynda tanymal aýdymçylar, bagşylar we aýdym-saz toparlary hem-de dürli ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňleri, oba zehinleri bar.

Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, ýaş aýdymçy Begençmyrat Çaryýew döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp bolýar. Ýeňijä «Ýylyň parlak ýyldyzy» göçme Kubogy hem-de höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy. Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar üçin baýraklar göz öňünde tutuldy, olara, degişlilikde, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa we Baýramhan Saparow mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: