Ýylyň iň ýörgünli sözi kesgitlenildi
Kollins sözlügi 2023-nji ýylda iň köp ulanylýan söz hökmünde AI (emeli intellekt) gysgaldylmasyny saýlady.
«Collins Dictionary»-nyň dolandyryjy direktory Aleks Bikroft: «Bu ýyl esasy üns emeli intellekte, onuň nädip elektron poçta, akym ýa-da başga bir futuristik we gündelik tehnologiýalar ýaly durmuşymyzyň bir bölegine öwrülendigine garadyldy» diýdi.
Sözlügi düzüjileriniň sözlerine görä, ýylyň sözi 20 milliarddan gowrak sözden ybarat bolan, «Collins Corpus» maglumatlar bazasynyň seljermesinden saýlandy. Onda bütin dünýäniň web sahypalarynda, gazetlerinde, žurnallarynda we kitaplarynda neşir edilen materiallar, şeýle hem radio we telewideniýe ýaýlymlaryndan we gündelik gepleşiklerden alnan sözler bardyr.
«Collins Dictionary» tarapyndan 2023-nji ýylda iň köp ulanylýan sözleriň sanawyna şu sözler girizilendir:
Nepo baby – ene-atasynyň yzyndan gidýän meşhur adamlaryň çagalary;
Greedflation — greed (açgözlük) we inflation (inflýasiýa) sözlerinden alnan- kompaniýalaryň inflýasiýany öz girdejilerini ýokarlandyrmak üçin bahalary emeli usulda ýokarlandyrmaga bahana hökmünde ulanmagydyr.