«Ýylyň iň owadan awtoulagy» mälim boldy
«Audi e-tron GT» modeli «Ýylyň iň owadan awtoulagy» baýragyna mynasyp boldy. Bu barada «Zaman» gazeti şeýle habar berýär:
Germaniýada geçirilen «Altyn rul 2021» («Goldenes Lenkrad-Golden Steering Wheel») baýragynyň ýeňijisi mälim edildi. «Ýylyň iň owadan awtoulagy» baýragyna «Audi e-tron GT» modeli mynasyp boldy. Iň owadan ulagy «Auto Bild» žurnalynyň hem-de «Bild am Sonntag» gazetiniň okyjylarynyň ses bermeginde kesgitlendi. Okyjylary 12 kategoriýada 70-e golaý täze modele ses beripdirler. Baýrak gowşurylyş dabarasy Berlindäki «Axel-Springer-Haus»-da geçirildi.
Germaniýanyň «Audi» kompaniýasy 2026-njy ýyldan başlap diňe elektrik energiýasy bilen işleýän modellerini hödürlemegi maksat edinýär. Baýraga mynasyp bolan ulag «Audi»-niň elektrik hereketlendirijili naýbaşy modeli bolar.