Названа лучшая спортивная школа года
- SPORT WE SYÝAHAT

Ýylyň iň gowy sport mekdebi yglan edildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdebi Türkmenistanda «Iň gowy sport mekdebi» diýlip yglan edildi.

Bu at 2019-njy  ýylda sport mekdeplerinde alnyp barlan işleriň jemi boýunça berildi. 4-nji sport mekdep ozal şäher we welaýat derejelerinde hem öňe saýlanypdy. Onda ýaşlara dzýu-do, sambo, kuraş, jiu-jitsu boýunça tälim berilýär. Mekdebiň türgenleri bolsa dürli derejelerde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Şu mekdepde tälim alan, häzir Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okaýan Saýara Awezmetowa bolsa welaýatyň türgenleriniň arasynda has tapawutlanan diýlip bellenildi we oňa «Ýylyň türgeni» diýen at berildi. Ol geçen ýyl Dubaýyň Abu-Dabi şäherinde jiu-jitsu boýunça geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala eýe bolupdy. «Ýylyň tälimçisi» diýen hormatly ada bolsa  şu mekdebiň jiu-jitsu boýunça tälimçisi Serdar Açilow mynasyp boldy.

Dänew etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi welaýatda «Iň gowy etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi» ýeňiji diýlip yglan edildi.

4 школа спорта 2
4 школа спорта 3
4 школа спорта 4
4 школа спорта 5

Previous
Next