SPORT WE SYÝAHAT

Ýylyň iň gowy futbolçysy diýen ady almagy mümkin dalaşgärleriň ady mälim edildi

Ýewropanyň futbol assosiýasiýalarynyň Geňeşiniň (UEFA) wersiýasy boýunça «Çelsiniň» ýarym goragçylary Žoržinýo we N’Golo, şonuň ýaly-da, «Mançester Sitini» orta gürpdäki ýarym goragçysy Kewin De Brýoýne iň gowy oýunçy diýen baýragy almak ugrundaky dalaşgärleriň üçlügine girdiler. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen «ТАСС» habar berýär.

Ýeňiji 26-njy awgusta Stambulda çempionlaryň Ligasynyň 2020/22 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijesi çekilende yglan ediler.

Şonuň ýaly-da, ýylyň iň gowy tälimçisine hem sylag gowşurylar. Oňa Hosep Gwardiolo («Mançestr Siti»), Tomas Tuhel («Çelsi») we Roberto Mançini Italiýanyň ýygyndysy) dalaş edýärler.

Iň gowy futbolçy zenan diýen ada Ispaniýanyň «Barselonasynyň» üç oýunçysy: Jenifer Ermoso, Like Martens we Aleksiýa Putelýas dagylan dalaş edýärler.

Luis Kortes («Barselona»), Peter Gerhardsson (Şwesiýanyň ýygyndysy) we Emma Heýz («Çelsi») dagylar bolsa zenanlaryň futbol toparlarynyň iň gowy tälimçisi diýen ady almak ugrunda göreşerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: