SPORT WE SYÝAHAT

Ýylyň dowamynda ýokary netijeleri görkezen ýaş türgenlere sylaglar gowşuryldy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan şu ýylyň dowamynda dünýä, yklym we sebit derejelerde geçirilen halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan türkmen türgenleriniň sylaglanyş dabarasy boldy. Bu dabarada lebaply türgen ýaşlaryň hem birnäçesine guramanyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Olaryň arasynda pälwanlar: Köýtendag etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Maýsa Pardaýewa, Türkmenabat şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy  Kurbanaý Kurbanowa, Döwletli etrabynyň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Guwanç Begalyýew, Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Dinara Iwadullaýewa, Köýtendag etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi Nedir Allaberdiýew, Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Madina Aýdogdyýewa, welaýat merkezindäki 10-njy sport mekdebiniň tälimçisi Dinara Hallyýewa dagylar we sport ýoluna Lebap welaýatynda gadam goýup, häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde we ýöriteleşdirilen sport mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň birnäçesi bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: