DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýylyň bütindünýä awtomobili diýen at almagy mümkin ulaglaryň sanawy belli boldy

«Ýylyň bütindünýä awtomobili» (World Car of the Year) konkursynyň guramaçylary esasy görnüşde ýeňijilige dalaşgärlik edýän ulaglary yglan etdiler. Ondan daşary, dört görnüşde ikinji derejeli atlary almagy mümkin ulaglaryň sanawy hem çap edildi. Bu barada «Известия» ýazýar.
Esasy bolan «Ýylyň awtomobili» diýen ady almaga «Toyota Yaris» hetçbegi, «Honda e» kiçi litražly şäher awtomobili we «Volkswagen ID.4» krossoweri dalaş edýärler.
«Ýylyň premial awtomobili» diýen ady almak üçin «Land Rover Defender», «Mercedes-Benz S-Class», şonuň ýaly-da, «Polestar 2» göreşerler.
«Honda e», «Honda Jazz» we «Toyota Yaris» «Ýylyň şäher awtomobili» diýen ady almagy tama edýärler.
«Audi RS Q8», «Porsche 911 Turbo» we «Toyota GR Yaris» awtomobilleriniň birine «Ýylyň sport ulagy» diýen at berler.
«Ýylyň bezegi» diýen ada dalaşgärleriň sanawyna «Honda e», «Land Rover Defender» we «Mazda MX-30» girizildi.
Konkursyň netijeleri 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde yglan ediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply