YKDYSADYÝET

Ýylyň başyndan bäri Lebap welaýaty boýunça gök önümleriň 224 müň tonnasy öndürildi  

Lebap welaýatynyň ekerançylary ilatyň desterhany üçin bu ýokumly önümleriň öndürilýän möçberlerini barha artdyrýarlar. Munuň şeýledigine üstümizdäki ýylyň tamamlanan on aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende gök önümleriň öndürilişiniň 6,1 göterim artdyrylandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Möhüm işe Saýat etrabynyň başarjaň ýer eýeleri has netijeli gatnaşýarlar. Bu etrapda geçen döwürde ýokuma baý önümleriň 25,2 müň tonnasy öndürilip, geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 16 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle gowy  artyş depginleri Farap, Kerki etraplarynda hem üpjün edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: