- UNCATEGORIZED

Ýyllyk meýilnamadan artyk

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri gaz kondensatyny öndürmek boýunça 2019-njy ýylyň meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Olar 50 müň tonna derek 52 müň 740 tonna ýakyn çig maly aldylar.

Gije-gündiziň dowamynda 160-165 tonna gaz kondensaty çykarylýar. Önümiň agramly bölegi Kerpiçli, Balguýy, Kerwen, Babarap gaz ýataklaryndan alynýar.

Gaz kondensaty tebigy gaz alnanda çykýan ugurdaş önüm bolup, ol Seýidiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda gaýtadan işlenilýär.

Поделиться ссылкой: