Ýyllyk meýilnama sekiz aýda artygy bilen berjaý edildi
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginde konserniň burawlaýjylarydyr guýulary düýpli abatlaýjylaryna agregat hyzmatlaryny ýola goýmak baradaky sekiz aýlyk meýilnamasy 157,7 göterim berjaý edildi, diýip «Nebit-gaz» gazeti ýazýar.
Bu görkeziji müdirlik boýunça bu ugurda 2021-nji ýyl üçin bellenilen meýilnamanyň möhletinden dört aý öň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar. Bu Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna mynasyp zähmet sowgady boldy.
Bu müdirlik nebitgaz pudagynda iş alyp barýan dürli kärhanalaryň iň ýakyn ýardamçysydyr. Ýeri gelende aýtsak, uglewodorod çig mallaryny çykaryjylar hem, burawlaýjylardyr abatlaýjylar hem öz möhüm işlerini hut şu müdirlik bilen pugta baglanyşyklykda ýerine ýetirýärler. Diňe şu ýylyň geçen ýanwar-awgust aýlarynda bu müdirlikde buýrujylara 44 million manatlyga derek 69,5 million manatlyga barabar agregat hyzmatlary ýola goýuldy.