YKDYSADYÝET

Ýyllyk meýilnama 110,3 göterim berjaý edildi

Bu görkeziji ýerli gurluşykda ulanylýan gurnama-demir beton önümlerini hem-de harytlyk betony öndürýän Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodyna degişlidir. Geçen ýylyň dowamynda zawodda gurluşyk serişdeleriniň 30 müň 896 kub metri öndürildi. Zawod boýunça geçen ýyl 15 million 950 müň manatlyga golaý gurluşyk işleri ýerine ýetirildi. Işleriň göwnejaý guralmagy, zawodyň öndürýän gurluşyk serişdeleriniň giňden ulanylmagy netijesinde, bu ugurda 132,9 göterim ösüş gazanyldy. Häzirki wagtda zawodyň täze önümçilik ulgamynda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň içki diwarlary öndürilýär. Zawodyň önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: