BIZE YAZYARLAR

Ýylgyrsana, eje jan!

Halkara zenanlar güni mynasybetli çagalar bakja-bagymyzda «Ýylgyrsana, eje jan!» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda çagalar bakja-baglarynyň körpeleri özleriniň şowhunly aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.
Baýramçylyk çäresine çagalar bakja-baglarynyň körpeleriniň arasynda yglan edilen «Ejeme sowgat» bäsleşiginiň ýeňijileri hem özleriniň baýramçylyk sowgatlaryny alyp geldiler. Bagtyýar körpeleriň enelerimizi wasp edýän «Ejem bolsa ýanymda», «Dünýäniň bar görki enedir ene!», «Enemiň mähri ― ömrümiň nury» ýaly mowzuklardaky aýdym-sazly çykyşlary dabaraly çärä gatnaşan mähriban enelere bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.
Soňra dörediji körpeleriň çeken suratlaryna ýakyndan syn berildi. Çaga ýürek buýsançlarynyň ak kagyza nagyşlanan keşdeleri bu ýere gelen myhmanlara ýakymly täsirleri bagyş etdi. Guramaçylykly geçen çärede körpeler mähriban käbelerini, ähli enelerimizi hem-de gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Dilber EREŞOWA,
Farap etrabyndaky 11-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.