DÜNÝÄDÄKI HABARLARYLYM WE TEHNIKA

Ýylda Ýere 5200 tonna töweregi älem tozany ýagýar

Adatça, Ýeriň adaty tozanlary biziň saýýaramyzyň üstüne düşen kometalaryň we asteroidleriň maýdajyk bölejikleriniň üstüni ýapýarlar. Şonuň üçin hem älemden düşýän tozanlary öwrener ýaly ýerler örän az. Antarktidadaky Adeliň Ýeri — şolaryň biri.
«Mail.ru» saýtynyň habar bermegine görä, Fransiýanyň Milli ylmy-barlag institutynyň (CNRS) fizigi Žan Dýupra we onuň kärdeşleri 20 ýylyň dowamynda ýere degişli däl bölejikleri toplamak üçin Adeliň Ýerine alty gezek ekspedisiýa gurapdyrlar. Bu sebitde Ýere ýylda näçe gaçýandygyny öwrenmek üçin älem tozanynyň gatlaklary gowy saklanyp galypdyr.
Älem tozanlaryny seljerenlerinden soň alymlar ýylda diametri 30-dan 200 mikrometre çenli bolan bölejikleriň 5200 tonnasynyň Ýere gaçýandygyny anyklapdyrlar. Deňeşdirmek üçin: adamyň saçynyň diametri ortaça 70 mikrometre barabar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply