Ýüz görülýän aýna
Geçmişde ata-babalarymyz ýüz görülýän aýnanyň ýagtylyk, üstünlik getirýändigine ynanypdyrlar. Ene-mamalarymyz ir döwürden bäri säher bilen turup aýna seretmekligi sogap hasaplapdyrlar. Adamlar nirä gitse, öz ýanynda ýüz görülýän aýnany götermegi ýatdan çykarmaýarlar.
Halkymyzyň arasynda säher bilen turup aýna seretseň, bütin gün işiň rowaç
bolýanlygy hakynda ynanç bar. Häzirkizaman aňşynaslary ertirlikden soň, aýna
seredip, özüň, adamlar barada oňat pikirleri gaýtalasaň, saglyga we ruhubelentlige
peýda edýänligi barada aýdýarlar.
Ene-mamalarymyz ýaş çaganyň eline aýnany berip, özüne seretdirmeýärler. Sebäbi
aga-gara düşünmeýän çaga aýnadaky şekilinden gorkýar, ukusy gaçýar, ýa-da
aşgazan agyry keseli bilen näsaglaýar diýen ynanç bar. Köp halklarda bolşy ýaly,
türkmenleriň arasynda hem kimdir biri aradan çyksa, aýnany mata bilen örtýärler,
ýas tutýanlar bolsa, kyrk günläp aýnada özüne seretmeýärler.
Şu günki günlere çenli türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda dowam edýän däbe
görä, gyz durmuşa çykanda, ol ýany bilen aýna bukjasyny hem äkidýär. Täze
gelniň bukjasynda aýna haltasy we darak bukjasy bolup, ony gelin-gyzlar toýdan
öň, dürli keşde-nagyşlary bilen bezäp taýýarlaýarlar. Häzirki günlerde hem bu
bukjalar dürli nagyşlar, içinden sim geçen zerli sapaklar, monjuklar bilen bezelip
taýýarlanýar.
Alymlaryň gadymy galalardan gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapan tapyndylarynyň arasynda beýik börükli, uzyn köýnekli, şaý-sepli aýal
heýkeljikleriniň elinde ýüz görülýän aýna bar eken. Bu heýkeljikler şol döwrüň
ynanjyna görä, aýal hudaýlary bolupdyr.
Taryhçy alym Öwez Gündogdyýewiň «Türkmen taryhynyň meşhur zenanlary»
diýen işinde Abiwerdiň şa zenany Kakaşiniň ýüz görülýän aýnanyň kömegi bilen
Aleksandr Makedonskiniň goşunyndan üstün çykanlygy barada maglumatlar bar.
’’Görogly»şadessanynyň käbir nusgalarynda onuň Agaýunus perä bütin dünýäni
görüp bilýän aýnany sowgat berýänligi beýan edilýär. Sungaty öwreniji alym G.A.Pugançenkowa: «Ýüz görülýän aýna adam durmuşynyň şöhlelenmesiniň alamaty bolup çykyş edipdir» diýip hasaplaýar.
Ynsan keşbini bolşy ýaly görkezip bilýän aýnalar adamlaryň hemişelik ýarany
bolupdyr. Halkymyz aýnanyň güýjüne ynanypdyr.
Türkmen halk ertekileriniň käbirinde gyzlar uzak ýola kerwen bilen giden
garyndaşlaryna ýüz görülýän aýna sargaýarlar. Hyýaly ertekilerde jadygöýlikden
başy çykýan gahrymanlar ýüz görülýän aýnany garşydaşynyň ýolunda goýsalar, ol
yzyndan ýetip bilmez ýaly jeňňelige ýa-da derýa öwrülýär.
Ýüz görülýän aýnalar size diňe bagtyýar keşbiňizi görkezip dursun we şatlykly
pursatlaryňyza şaýat bolsun.
Dünýä Bazarowa,
Saýat etrabyndaky 35-nji çagalar bagynyň orta toparynyň terbiýeçisi.