JEMGYÝET

Ýüwrük elli ýygymçylara sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramagynda Kerki etrabynyň «Gyzylaýak» daýhan birleşiginde «Ezber pagtaçy» atly duşuşyk geçirildi.

Onda ýaş pagtaçylar bilen guralan söhbetdeşlikde Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy, ýurduň syýasy durmuşy barada gürrüň berildi we öňde baryjy ýaş pagtaçy kärendeçiler ýaşlar guramasynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle duşuşyklar etrabyň beýleki daýhan birleşiklerinde hem geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: