MEDENIÝET

«Ýusup owgan» sazy sakarly mugallymyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyna getirdi

Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Alymow bolsa, golaýda paýtagtymyzda geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde üstün çykyp, zehininiň we yhlasly zähmetiniň miwesini gördi. Bu bäsleşikde belli halypalaryň öňünde öz ukyp-başarnygyny görkezmek ýaş sazandanyň döredijilik ýolunda möhüm üstünlikleriň biri boldy.
Ýaş bagşy jemleýji tapgyrda «Ýusup owgan» sazyny ýerine ýetirip, eminleriň ýokary bahasyna hem tomaşaçylaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy. Şamyrat Alymow bu ýeňşi özüniň diňe bir döredijilik sepgidini ýokarlandyrmak bilen çäklendirmän, eýsem, milli sungaty ösdürmekde täze ruh bilen zähmet çekmäge-de uly höwes döredenini aýdýar.