Ýüreklerde Watan waspy
Lebap welaýat kitaphanasy, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Beýik Watançylyk urşy muzeýi bilelikde “Beýik maksatlar rowaçlanýar” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdiler. Bu söhbetdeşlige onlaýn arkaly Mary welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri hem goşuldylar. Çykyş edenler Döwlet Baştutanymyzyň kitaphana işini hasda kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň
2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi diýseň buýsadyryjydyr diýip bellemekleri. BEKU-nyň ýurdumyzda kitaphanaçylyk işiniň has kämilleşmegine berlen itergisi. BEKU boýunça döwrebap hyzmat etmek, ony doly derejede ýola goýmak, ony has-da kämilleşdirmek, elektron kitaplar barada ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işini alyp baryp, ýaşlary watançylyk ruhynda terbiýelemekde, oba kitaphanalarda kitaphana işini döwrebap guramak, halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, şeýlede Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: ”Halkymyzyň medeni mirasyny toplkamakda, gorap saklamakda we olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýlere uly orun degişlidigine görä, ýurdumyzda hereket edýän muzeýleriň işini yzygiderli kämilleşdirmeli”-diýip beren tabşyrygyndan ugur alyp welaýatymyzda hereket edýän Beýik Watançylyk urşy muzeýi bilen geljekde meýilleşdirilen çäreler barada gürrüňler edildi. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar taýsyz tagallalar edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyza sagbolsynlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.