BIZE YAZYARLAR

Ýüregiň saglygy — ömrüň rahatlygy

Adamyň bedeninde ýürek diňe bir agza däl, eýsem ýaşaýşyň dowamlylygyny üpjün edýän iň möhüm merkezdir. Onuň kadaly işlemegi bütin bedeniň sagdynlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýürek-damar keselleriniň öňüni almak, gan basyşyny kadaly saklamak, dogry iýmitlenmek we işjeň hereketde bolmak her bir adamyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülmelidir.
Häzirki wagtda ýürek-damar keselleriniň döremegine täsir edýän esasy ýagdaýlaryň arasynda çilim çekmek, hereketiň az bolmagy, artykmaç agram, nädogry iýmitlenmek, aşa duzly, ýagly we süýji önümleri köp ulanmak, şeýle hem dowamly nerw dartgynlygy aýratyn görkezilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, ýürek-damar keselleriniň köpüsiniň öňüni almak mümkin, munuň üçin zyýanly endiklerden daş durmak, sagdyn iýmitlenmek we yzygiderli lukmançylyk barlaglaryndan geçmek zerur. Gan basyşyny, ganyň düzümindäki şeker we holesterin derejesini gözegçilikde saklamak aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýürek keselleriniň köpüsi ilki bilen gowşak alamatlar arkaly duýdurýar. Döşde agyry, demgysma, tiz ýadamak, ýürek urşunyň çaltlaşmagy ýa-da näsazlaşmagy, aýaklarda çiş, baş aýlanma ýaly alamatlara biperwaý garamaly däldir. Şeýle ýagdaýlarda özbaşdak derman içmek däl-de, hökmany suratda lukmana ýüz tutmak gerek. Keseli ir anyklamak onuň bejergisiniň üstünlikli bolmagyna uly ýardam berýär.
Ýüregiň saglygyny goramagyň iň ygtybarly ýoly sagdyn durmuş ýörelgesidir. Her gün arassa howada pyýada gezmek, mümkin boldugyndan hereketli bolmak, gök önümleri, miweleri, däneli önümleri, balygy we süýt önümlerini kadaly ulanmak, aşa duzdan we ýagly naharlardan saklanmak ýürek üçin peýdalydyr. Şeýle hem ukynyň kadaly bolmagy, ruhy rahatlyk, iş bilen dynç alşyň sazlaşygy ýürek saglygyny berkitmegiň möhüm şertleridir. Ýürek — ynsan ömrüniň sazyny çalýan inçe dutar ýalydyr; ony näçe aýawly saklasak, ömrümiziň owazy hem şonça nurana bolar.

Leýla RAHMANOWA,
Darganata etrap hassahanasynyň kardiolog lukmany.