BIZE YAZYARLAR

Ýüregimiz sagdyn bolsun!

Ýürek keselleri soňky döwürlerde has kän gabat gelýän keselleriň hataryndadyr. Bu keseliň adamyň ömrüne howp salýan töwekgelçiligi artykdyr. Şol sebäpden kesel bilen göreşmek, oňa howp salýan faktorlaryň öňüni almak ýaly zerurlyklar ýüze çykýar.
Ýürek keselleriniň öňüni almak üçin, onuň güýjemegine täsir edýän faktorlary anyk bilmeli. Ýöne bularyň käbirleri siz üçin garaşylmadyk hem bolup biler. Eger-de bedeniň artykmaç agramy ýok hem bolsa, howp astynda bolup biler. Ýagny ganda glýukozanyň düzümi ýokary bolsa, onda ýürek howp astynda bolup biler. Haçan-da glýukoza ganyň düzümindäki şekeriň kadaly derejesinden ýokary bolan ýagdaýynda, ýürek-damar keselleriniň güýçlenmek howpy ýokarlanýar. Munda hökmany suratda ganyň düzümindäki şekeriň derejesine üns beriň. Şeker
holesterine garanda ýüregiň saglygy üçin has howply. Süýji önümler ýa-da uglewodlar iýilende, bedeniň sezewar bolýan insulin reaksiýalary we böküşleri gan aýlanyş damarlarynyň bardalaryny holesterine garanda beter zaýalaýar. Şol sebäpden diňe holesterini däl, eýsem, şekeri-de gözegçilik ediň. Şeýle-de gorkunç düýş ýürek üçin howply bolup biler. Eger-de siz ukyňyzy almaýan bolsaňyz, onda siz düýş apnoesiniň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlatmaly, ýagny munda düýş wagtynda dem almanyň gysga wagtlyk saklanmasy bolup geçýär. Bu bolsa apnoe ýürek tutmasynyň ýa-da insultyň sebäbi bolup bilýär.
Hemişe stress ýagdaýynda bolmak hem siziň ýüregiňize zyýan ýetirip bilýär. Eger-de siz hemişe stress ýagdaýda ýaşaýan bolsaňyz, siziň ýüregiňiz uly howp astynda bolup biler. Stress gan basyşyňy ýokarlandyrýar we holesteriniň derejesine täsir edýär, kortizol bolsa glýukozanyň artmagyna getirýär – bularyň ählisi ýürek we damar keselleriniň güýçlenmek howpuny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin stressi azaltmak hem-de onuň ýüze çykmasy bilen göreşmek hökmanydyr.
Dişleriň sagdynlygy hem ýüregiň sagdynlygy bilen gös-göni bagly. Ýüregiň sagdynlygyny dişler boýunça kesgitläp bolýar. Çüýrük, diş etiniň çişmesi – bular ýürek keseliniň güýçlenmek howpuny ýokarlandyrýar. Bejerilmedik dişler bolsa mitral klapanlaryň infeksiýasyna getirip bilýär.

Almagül BEKMURADOWA,
Lebap welaýat iç keseller hassahanasynyň kardiolog lukmany.