BIZE YAZYARLAR

Ýürege melhemdir türkmen sazlary

Türkmeniň esasy ýalkanan gymmatlyklarynyň biri – onuň sazydyr. Biziň milletimiziň özi gylyk-häsiýeti ýaly, agras, çuň manyly, heserli hem pelsepeli sazy bar. Sazyň nyşanasy – ýürek. Ol ur-tut ýürege ýapyşýar. Saz – ýüregi bendi etmekde esasy serişde.

Türkmen üçin mukaddes owazlar: türkmen diliniň owazy, türkmen sährasynyň üstünde öwüsýän ýelleriň owazy, at toýnagynyň sesi, arwananyň bozlamasy, dokma daragynyň sesi. Şelpeleriň şaňňyrdysy. Burkut babanyň, Baba Gammaryň döredýän owazlary.

Saz – türkmeniň kalby. Türkmen sazynyň gözbaşyny, hamyrmaýasyny tapmak üçin, müňýyllyklaryň gatyna gitmeli. Asyrlardan, nesillerden çykýan owazlara diň salmany başarmaly. Nesiller atalaryň ruhy, ýöne döwürdeşleriniň ady bile ýaşaýarlar.

Damja-da diňe maňlaýyny ýardyryp, owaz edýär. Atyň toýnaklary gaty daşlary gujaklap, ses çykarýar. Dutaryň bogun-bogun ýaralaryna basylyp, owaz alynýar. Şemal gara bagryny agaçlara süýkäp, zaryn heň edýär.

Zeminiň aýlawynyň sesinden, asmanyň owazlaryndan, ýyldyzlaryň pyşyrdysyndan, gündiziň nagmalaryndan, gijäniň towuşlaryndan, ýaşyl ýelleriň äheňlerinden, ýaşaýyş bilbiliniň nalasyndan gulaklarymyzy kesmesin!

Gündogaryň meşhur alymy Farabynyň saz hakyndaky traktatlary arap halyflygynyň ylmy merkezlerine giňden ýaýrapdyr. Şol döwürde Merkezi Aziýanyň saz hakynda ylmy Ýewropalylaryňkydan has ýokarda durupdyr. Häzirkizaman iňlis alymy Farmer  bolsa, Farabynyň saz hakyndaky traktatlaryna ýokary baha berip, olary ― ”Çöldäki oazisler” diýip atlandyrypdyrlar.

Al-Faraby saz gurallary baradaky ylmyň hem esasyny goýupdyrlar. Ol soňra Günbatarda ösdürilipdir. Alym sazyň adamlara örän güýçli täsir edýändigini bilipdir, ol hakynda ýazypdyr. Şonuň üçin hem ol çagalara saz terbiýesini bermäge niýetlenen oňat maslahatlary beripdir. Alym: ”Saz bolmadyk ýerde edep hem bolup bilmez” diýipdir. Şonuň üçin hem Merkezi Aziýanyň akyldarlary bu meseläni ýatdan çykarmandyrlar. Abu Nasr al-Faraby saz ylymyna uly goşant goşan akyldar. Şonuň bilen bir wagtyň özünde ol saz gurallaryny hem ýasapdyr, olary çalypdyr. Özem örän gowy çalýar eken. Görnükli alymyň saz hakyndaky taglymaty onuň ýurdy hem zamanasy üçin ýokary joşgun bolupdyr. Hut şol wagt Merkezi Aziýada saz ylmy diňe bir halyfatyň çäginde däl-de, eýsem, dünýä möçberinde-de birinji ýere çykýar.

Halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolan aýdym-saz sungatymyz özüniň gadymy taryhy, pelsepesi, gaýtalanmajak äheňleri bilen ruhy durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär. ”Könegüzer”, ”Owadan gelin”, ”Balsaýat” ýaly türkmen halk aýdymlary owaz düzülişiniň, ses gaýnawlarynyň kämil işlenenligi bilen tapawutlanýar. Şygyr sungaty bilen sazyň sazlaşygyndan dörän kämil aýdymlar ençeme asyrlaryň synagtyndan geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Barbat, Abu Nasyr Faraby, Abu Ali ibn Sina, Kutbiddin Şirazy, Abdyrahman Jamy, Derwüş Aly ýaly görnükli şahsyýetler saz ylmyna degişli kitaplarda bu ugruň ösüş aýratynlyklaryny teswirläpdirler.

Sazlar milletiň ruhuny terbiýeleýär. Olar diňe bir geçmişimiziň sedasy däl, bu günüň hem owazydyr. Şonuň üçin halk döredijiliginiň bu gadymy görnüşi tehnikanyň ösmegi bilen döwürler össe-de, jemgyýetde öz ornuny ýok etmedi. Ol ynsanyň iman-ygtykady hakynda söz açýar. Şonuň üçinem bagşylarda derdi duýmak ykyby  beýleki adamlardan has ösen.

Seleň sähralaryň, gudratly daglaryň ajaýyp tebigaty, deňiz-derýalaryň joşguny olaryň göwünlerini göteripdir. Şeýdibem, türkmen saz sungatynyň taryhynda hiç haçan könelmejek  süýji aýdym-saz hazynasy döräpdir.

Manzura Babamyradowa,

Dänew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: