MEDENIÝET

Ýurdymyzda boş iş orunlarynyň sergi-ýarmarkasy

Lebap welaýat kitaphanasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy “Ýurdymyzda boş iş orunlarynyň sergi-ýarmarkasy”atly çäre geçirdi. Bu ýerde welaýat kitaphanasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň sergileri guraldy we sergä bu edara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň maksady: Ylym, tehnologiýa, çeperçilik syngaty, mugallymçylyk we telekeçilik bilen bagly hünärler boýunça zerur maglumatlar ulgamynyň artykmaçlary bilen tanyşdyrmakdan, nusgawy iňlis edebiýatynyň kitaplarynyň sergisini hem-de ýurdumyzyň döwlet pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz milli sergisiniň görkezilişini guramakdan ybaratdyr. Çärä gatnaşyjylar şeýle sergi-ýarmarkalary geçirmeklige ähli şertleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsynlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: