Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy öndürijileriň paýy artýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň güýji bilen Lebap welaýatynda ýylyň başyndan bäri 1320 tonna pomidor, 43 tonna kömelek,  56 tonnadan artyk mal eti, 236 tonna gowrak towuk eti, 1473 tonnadan azajyk geçirip süýt we 176,5 tonna diýen ýaly süýt önümleri öndürildi. Önümleriň bary içerki bazarlara iberildi. Bu bolsa olary özümizde öndürilen azyk önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Soňky ýyllarda hususy öndürijileriň ýurduň, şol sanda welaýatyň ykdysadyýetindäki paýy has artdy. Telekeçiler maddy önümçilik pudaklarynyň we maddy däl gymmatlyklaryň ulgamynyň köpüsinde zähmet çekýärler. Muňa döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçilige berilýän goldaw oňaýly şertleri döretdi. Banklar tarapyndan goýberilýän ýeňillikli karzlar olara önümçilikleri döretmäge, giňeltmäge we ýokary hilli hem-de ekologiki taýdan arassa önümleri öndürmäge itergi berdi. Gysga möhletlerde welaýatda hususy maldarçylyk we guşçulyk fermalary, eti we süýdi gaýtadan işleýän, gök önümleri we miweleri gaplaýan kiçi kärhanalar peýda boldular. Şonuň ýaly-da, telekeçiler daýhan hojalyklaryny döredip, pagta we bugdaý ýetişdirýärler, gök önümleri ýetişdirmek, bakjaçylyk we bagbançylyk bilen meşgullanýarlar.