BIZE YAZYARLAR

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde bagtyýar ýaşlaryň orny

Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolan ýaşlar syýasaty bilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almaklary, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin uly tagallalar edýär.
Ata Watanymyzda türkmen ylmyny düýpli ösdürmek, onuň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini berkitmek, çuň paýhasly geljekki nesilleri kemala getirmek ýaly köpugurly işler alnyp barylýar.
Alymlar ynsan aňynyň kämilleşmeginde, ruhy dünýäsiniň nurlanmagynda wajyp hyzmaty ýerine ýetirýän hormatly şahsyýetlerdir. Türkmen milletiniň aňyna, ruhuna baky ýagtylygy bagyş ediji alymlar, haýsy döwürde ýaşandygyna garamazdan, ylym ýolunda bitiren beýik hyzmatlaryna, ýeten bahasyz belentliklerine buýsanyp, baky ýaşaýarlar.
Belli bolşy ýaly ýurdumyzda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi, ýurdumyzyň ylym we bilim edaralarynda bolsa Ýaş alymlar geňeşleri hereket edýär. Zehinli, ylma höwesli ýaşlaryň döredijiligini ösdürmek babatynda ýurdumyzda köp işler amala aşyrylýar. Ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine döredijilikli çemeleşmeklerini gazanmak üçin ýaş
alymlaryň arasynda dürli hili bäsleşikler yglan edilýär. Tejribeli alymlaryň, oýlap tapyjylaryň ýolbaşçylygynda bäsleşigiň jemi jemlenip olaryň esasynda täze ideýalar önümçilige ornaşdyrylýar.
Gündogar akyldary Muhammet Gazaly “Ylym adamlaryň ruhlaryny ýaramaz hemde heläk ediji endiklerden, ahlakdan halas edip dürs terbiýelemäge, olary halanylýan we bagtyýarlyga ýetiriji ahlaklara ugrykdyrmaga gönükdirilendir” diýip nygtaýar.
Döretmek, gurmak, onuň hözirini görüp, erkana ýaşamak, halkymyz, onuň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak üçin ýokary mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Annagözel JUMAGELDIÝEWA,
Halaç etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň Iňlis dili mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: