BIZE YAZYARLAR

Ýurdumyzyň daýanjy ― bilimli ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtly çagalygyň ýurdy bolan güneşli ülkämizde ýaş nesliň ylym-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi, kämil tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň: «Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen sözleriniň ajaýyp durmuş hakykatydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Eziz Diýarymyzda ýaşlarymyzy bilimli, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Boş wagtlaryny peýdaly geçirmegi, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin edilýän aladalar ýaş nesliň ylymlar ummanyna çuňňur aralaşmagyna, çeper döredijilik bilen içgin meşgullanmagyna giň ýol açýar.
Watanymyzyň daýanjy, halkymyzyň guwanjy bolan ýaşlar il-ýurt bähbitli işlere amal etmäge taýýar bolmaly ertirki şahsyýetlerdir. Olaryň bagtly durmuşyny, ruhy we beden sagdynlygyny üpjün etmek, watançylyk ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Bu ugurda Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän işlerini dünýä nusgalyk diýip, buýsanç  bilen görkezmek bolar.
Goý, ýaş nesliň ýagty geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Bilbil JUMAÝEWA,
Çärjew etrabynyň tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen
31-nji orta mekdebiniň mugallymy.