BIZE YAZYARLAR

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýady

Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen, milli ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär.
Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ylmy barlaglaryň binýatlaýyn we nazary arabaglanyşygy işjeňleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ylym milli we umumadamzat bähbitli belent maksatlarymyzy durmuşa geçirmegiň ýolunda berk binýat hökmünde hyzmat edýär. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Şunda islendik ylmy işläp taýýarlama näçe çalt önümçilige ornaşdyrylsa, onuň gymmatynyň hem şol derejede ýokary bolýandygy nukdaýnazaryndan garamak möhümdir.
Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, onuň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksadymyzdyr. Şeýle hem bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmek, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Öňde goýlan ähli wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek wajypdyr. Çünki ýaşlaryň biliminiň ýokary derejä ýetirilmegi, olara zerur bilimleriň, amaly endikleriň öwredilmegi, belent ahlak gymmatlyklaryna laýyklykda terbiýe berilmegi ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagyny üpjün edip biler. Şunda bu wezipeleriň amal edilmegi maksatnamalaýyn çäreleri we irginsiz tagallalary talap edýär.
Biziň ýaşaýan zamanamyz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň, döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter, multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, netijede, bilim ulgamyny täzeçil ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň hiline halkara tejribeler esasynda baha bermegiň döwrebap nusgalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmak, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmek, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu möhüm resminamalaryň kabul edilmegi döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylym-bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak, ony ýokary dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak meselelerine aýratyn üns berýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamynyň ösüşine baha bermek, orta mekdeplerde pedagogik işgärlere bolan zerurlyklary seljermek, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, umumy okuwlary we beýleki çäreleri bilelikde guramak asylly däbe öwrüldi. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň häzirki zaman binalary gurlup ulanmaga berilýär. Olar döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. Her ýyl birinji synp okuwçylaryň ählisine “Bilimli” atly noutbuk kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýadyny iň oňat dünýä tejribesi, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, baý taryhy we medeni mirasy düzmelidir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňemegi üçin ähli şertleri döretmek, dürli pudaklar üçin ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri çözmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbaly, ylym-bilimiň çalt depginde ösýän, adam paýhasynyň ýokary sepgitleri gazanýan döwründe ýaşaýan we zähmet çekýän häzirki hem-de geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin ýokary jogapkärçilik duýgusyna ýugrulandyr.

MUHAMMEDOW Meýlis,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
Dil öwreniş bölüminiň 107-nji okuw toparynyň talyby.