BIZE YAZYARLAR

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň öndürilmegine berilýän uly üns

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň goşulyşýar, abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzdan daşary ýurtlara ýylsaýyn artýan möçberde iberilýän energiýa serişdeleri, dokma önümleri we beýlekiler aýdyň şaýatlyk edýär.
Durmuş-hojalyk, beýleki maksatly köp sanly desgalar ýaly, bu önümçilik toplumlary hem elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün edilmegi talap edýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu möhüm pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan başy başlanan netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Pudagy ösdürmäge ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen, soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwaty ep-esli artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini kanagatlandyrmaga däl, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini-de ýylsaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň öndürilmegine uly üns berilýär. Balkan welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy gurulýan täze, döwrebap obalary ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge şert döreder. Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini döretmek boýunça işler geljekde-de giň gerimde
dowam etdiriler.
Täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly Türkmenistan häzirki döwürde bu ugurda işjeň syýasaty alyp barýar. Ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň başyndan bäri birnäçe duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda iri taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksada gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň durnukly ösüşini, ýurdumyzda senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmagy, sebitleriň okgunly ösüşini, ata Watanymyzyň halkara energoulgamyna sazlaşykly birleşmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda türkmen döwleti tarapyndan halkara ösüşiň gün tertibinde strategik taýdan ähmiýetli orny eýeleýän meselelere aýratyn üns berilýär. Şolaryň hatarynda energiýa howpsuzlygyny berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek,
energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleler bar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny we “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” durmuşa geçirmek babatda ulgamlaýyn esasda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde,
Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan borçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýar.
Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy esasynda “Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamanyň” taslamasy hem-de bu resminamany durmuşa geçirmek üçin çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Bu
işler ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirildi.
Hususan-da, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, şeýle hem
Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa meseleleri boýunça sebitleýin merkeziň, Aziýanyň ösüş bankynyň hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edildi.
Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly we bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli we halkara ähmiýetli tutumly başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!

Owadan SEÝTINÝAZOWA,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy